Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
TNGIZT-de iki sany täze gaz turbinaly elektrik bekedi işe giriziler
01.11.2023

Balkan welaýatynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasy ulanyşa girizler.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän täze desgalary ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow geçen şenbe güni Hökümet mejlisinde hasabat berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işjeňliginiň ýokarlandyrylmalydygyna, zawodyň degişli desgalaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Täze desgalar Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň iň iri desgasynyň täze kuwwatlyklaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer.