Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparynyň (LLDCs) Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleriniň nobatdaky duşuşygy geçirilip, 2027–2028-nji ýyllar üçin Toparyň ýolbaşçylyk býurosynyň täze düzümi saýlandy. Toparyň agzalarynyň biragyzdan goldawy bilen Türkmenistan görkezilen döwür üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparynyň Başlygy wezipesine saýlandy. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekilhanasy habar berdi.
Türkmenistanyň başlyklyk ygtyýarlyklary 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlanar. Ýolbaşçylyk býurosynyň düzümine Azerbaýjan başlygyň orunbasary hökmünde, şeýle hem Laos, Burundi, Çad, Ruanda we Paragwaý saýlandy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparynyň ýolbaşçylyk býurosynyň täze düzümi 2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçiriljek ministrler duşuşygynyň Jemleýji deklarasiýasy arkaly tassyklanar.
Türkmenistanyň bu halkara toparyna ýolbaşçylyk etmegi ýurduň daşary syýasatyndaky möhüm üstünlikleriň biri bolup, halkara jemgyýetçiliginiň, aýratyn-da deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň Türkmenistana bildirýän ýokary ynamyny görkezýär.
Başlyklyk döwründe Türkmenistan iki ýylyň dowamynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparynyň işini utgaşdyrar we deňze çykalgasy bolmadyk 32 sany ösýän döwletiň umumy bähbitlerine wekilçilik eder. Şeýle hem energetika, ulag arabaglanyşygy we beýleki möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berler. Türkmenistan 2024–2034-nji ýyllar üçin Awaza hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde hem möhüm orun eýelär.
Türkmenistanyň başlyklyk döwrüne taýýarlyk görmek maksady bilen, şu ýylyň noýabr–dekabr aýlarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk, iň gowşak we adalarda ýerleşýän ösýän döwletler boýunça Ýokary wekiliň edarasy (OHRLLS) bilen bilelikde 2027–2028-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň taslamasy taýýarlanar. Resminamada esasy ugurlar, täze başlangyçlar we amaly çäreler öz beýanyny tapar.







