4-nji sentýabrda Türkmenistnyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Premýer-ministr Nikol Paşinýan Ermenistanda Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine ýokary baha berilýändigini, dostluga we deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara ynanyşmak, hormat goýmak, açyklyk ýörelgelerine daýanýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasy diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.
Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de Türkmenistnyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy şu ýylyň oktýabr aýynda Ýerewan şäherinde Bireşen Milletler Guramasynyň Bioköpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 17-nji maslahatynyň (COP 17) öň ýanynda geçiriljek Liderleriň sammitine gatnaşmaga çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň daşky gurşawy goramak işinde möhüm waka boljakdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň oňa işjeň gatnaşjakdygyny tassyklady. Şeýle hem Türkmenistnyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçiriljekdigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýany ýene bir gezek bu sammite gatnaşmaga çagyrdy.
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny belledi hem-de Ermenistanyň bu sammite işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.
Şeýle hem telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň möhümdigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýan Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk arzuw etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik ermeni tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.







