2-nji sentýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlaryň işleri boýunça ministriniň orunbasary Zwiad Gabisonianyň ýolbaşçylygyndaky gruzin wekiliýeti bilen uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar ýokary bilim-ylym ugrunda, we hünärmenleri taýýarlamak boýunça özara tejribe alyşmak, akademiki gatnaşyklary ilerletmek hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri gruzin wekiliýetine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Şeýle hem uniwersitetiň gurluşy, hünärmenleriň taýýarlamak boýunça ugurlar, şeýle hem ýokary okuw jaýynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada giňişleýin maglumat berildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öňdebaryjy daşary ýurt nebitgaz kompaniýalary bilen ýola goýulan gatnaşyklara aýratyn üns çekildi. Hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dragon Oil» nebitgaz kompaniýasy, Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasy, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen baglaşylan şertnamalardyr ähtnamalaryň esasynda birnäçe ýylyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi nygtaldy.
Öz gezeginde Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlaryň işleri boýunça ministriniň orunbasary Zwiad Gabisonia duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň işjeňligi, bilim maksatnamalary we alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada maglumat berdi. Myhman Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň arasynda ozal baglaşylan Ähtnamalaryň esasynda gatnaşyklary has-da ösdürmegiň we täze mazmun bilen baýlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, professor-mugallymlaryň, ýaş alymlaryň we talyplaryň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmegiň, tejribe alyşmagyň hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda gruzin wekiliýetiniň agzalary uniwersitetiň binalar toplumyna we Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasyna aýlanyp gördüler.







