«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Goturdepenebit» nebitgazçykaryş müdirligi 2026-njy ýylyň başyndan bäri Goturdepe ýatagyndan 717 müň 240 tonna nebit çig malyny çykardy. Meýilnama 111,5 göterim ýerine ýetirildi — bu bolsa tutuş konsern boýunça iň ýokary görkezijidir.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhanada nebit çykarylyşynyň ösüş depgini 105,4 göterim ýokarlandy. Çykarylan nebitiň möçberi meýilnama tabşyrygyndan 74 müň 169 tonna artyk boldy.
Müdirligiň nebitçileriniň iş alyp barýan Goturdepe we Demirgazyk Goturdepe ýataklary ýurdumyzdaky iň gadymy hem-de iri känleriň hataryna girýär. Häzirki wagtda bu ýatakda bir gije-gündizde çykarylýan nebitiň möçberi 3 müň 400 tonnadan geçýär.
Kärhanada hereket edýän her bir guýa berk tehniki gözegçilik ýola goýuldy. Geologlaryň netijenamalaryna görä, bu gadymy ýatakdaky uglewodorod gorlary heniz hem uludyr.
Şu günki gün «Goturdepenebit» müdirligi çykarylýan çig malyň möçberi boýunça konserniň nebitgazçykaryş müdirlikleriniň arasynda ikinji orny eýeleýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik desgalarynda nebit we gaz çykarmak, olary gaýtadan işlemek hem-de ýokary hilli haryt önümleriniň derejesine ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar, pudagyň kärhanalarynda döwrebap tehnologiýalar we öňdebaryjy enjamlar işjeň ornaşdyrylýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna barýan müdirligiň zähmet topary bu senäni uly zähmet ýeňişleri bilen garşylamagy hem-de şu ýyly has-da ýokary ykdysady görkezijiler bilen jemlemegi maksat edinýär.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







