GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
05.09.2026

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler girizildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerinde alnyp barlan işler, şeýle hem harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda harby hünärmenleriň bilimini we tejribesini ýokarlandyrmak, şeýle hem harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem degişli edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, döwletiň milli howpsuzlygyny we milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň edara binasyny hem-de Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň edara binasyny we gulluk ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda» Karara gol çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy «Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda» Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna 35 ýyl dolýandygyny, bu şanly baýramyň uly dabaralar bilen bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de bu baýrama gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle-de Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de alnyp barylýan bu işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.