«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde täze 2026–2027-nji okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Çykyş edenler geljekki hünärmenlerde ýokary ahlak häsiýetlerini kemala getirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle hem saýlap alan hünärlerini düýpli özleşdirmegiň we boş wagtlaryny netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Duşuşykda çykyş eden talyplar bilim almaga bolan ymtylyşlaryny görkezdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilim ulgamynyň ösdürilmegi üçin döredilýän şertler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny bildirip, täze okuw ýylynda mugallymlara we talyplara üstünlik arzuw etdiler.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







