Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan Pakistan bilen bilelikde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçlendirmegi meýilleşdirýär
31.10.2023

Bişkek şaherinde geçirilen ŞHG-nyň we GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleriniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri J.Jilanynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

J.Jilany iki döwletiň arasynda dürli ulgamlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, gadymy döwürlerden bäri dostlukly halklarymyzy birleşdirýän taryhy we medeni umumylygyna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly ynam bildirdi.

Duşuşykda taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we özara bähbitli ösüş ýoly barada pikir alyşdylar.

Hususanda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň durmuş-ykdysady, düzümleýin ösüşine täze itergi berer diýip nygtalyp, TAPI-nyň owgan bölegi boýunça alnyp barylýan işleriň depgininiň güýçlendirilmegi üçin özara gepleşikleriň geçirilmegi teklip edildi.

Şeýle-de, söwda-ykdysady ulgamda bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmak, ösüşiň oňyn görkezijilerine eýe bolan özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin ähli gurallary ulanmagyň zerurdygy bellenildi.

Nebitgaz senagaty, energetika we beýlekiler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara türkmen-päkistan toparynyň işiniň ähmiýetli orny nygtaldy.

Çeşme: Türkmenistanyň DIM