Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä Bilelikdäki maýa goýum fonduny döretmegi teklip etdi
28.10.2023

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlary boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi. Bu barada TDH habar berdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistan daşary ýurtlar bilen maýa goýumlary babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýändigini we bu ýerde esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup durýandygyny nygtady.

«Şeýlelikde biziň öňümizde işlemek üçin giň meýdança açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlary boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip edýäris» diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutany şol bir wagtda, türk maýadarlarynyň we senagatçylarynyň ýurdumyzda alyp barýan işlerini maliýe taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkiýäniň käbir uly banklarynyň Türkmenistanda şahamçasyny açmak meselesine seretmegi hem makul görýändigimizi aýtdy.