Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
OGT-2023-e rekord derejede 50 ýurda golaý köp sanly gatnaşyjy gatnaşdy
28.10.2023

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly halkara konferensiýa we sergä rekord derejede gatnaşyjy bardy. Bu barada çäräniň jemi boýunça geçirilen metbugat konferensiýasynda forumyň guramaçylary aýtdy.

“Häzirki forum wekilleriň sany boýunça rekord goýdy. Bizde heniz 28 nebitgaz konferensiýasyny geçirmegiň taryhynda şeýle rekord derejeli gatnaşyjy bolmandy. Gelip gatnaşan wekilleriň sany 700-den gowrak. Olardan 400-den gowragy bize daşary ýurtlardan gelen wekillerimizdir. 50-ä golaý ýurtdan” – diýip, “Türkmen forum” hojalyk jemgyýetiniň müdiri Nazar Atajanow aýtdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen OGT – 2023 sergisinde 70-den gowrak kompaniýa öz diwarlyklaryny ýerleşdirdi. Sergä üç iş gününiň dowamynda 10 müňe golaý adam baryp gördi.