26-njy oktýabrda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Soňra sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Gardaş atly türkmen alabaýyny sowgat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, eýesine wepaly, batyr alabaýlar asyrlaryň dowamynda halkymyzyň wepaly dosty hem-de hemrasy, ygtybarly goragçysy, kömekçisi bolupdyr. Häzirki günde alabaýlar halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan köpasyrlyk türkmen-türk dostlugynyň däplerine ygrarlylygyň özboluşly nyşany bolan bu ajaýyp sowgat üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.
Pursatdan peýdalanyp, öz gezeginde, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem hormatly Prezidentimize anadoly kangal tohumly iki sany ajaýyp güjüjegi sowgat berdi.
Döwlet Baştutanymyz sowgat üçin türk Liderine minnetdarlyk bildirdi hem-de bu sowgada mizemez türkmen-türk dostlugynyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.