Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
“Türkmennebit” DK-niň başlygy nebitgaz toplumyndaky täze taslamalary mälim etdi
27.10.2023

“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” halkara maslahatynda eden çykyşynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda täze taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini aýtdy.  

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky geljekki taslamalaryň hatarynda içerki gurluşy döwrebaplaşdyrmak millisekuntlyk katalitik kreking energiýa önümçilik blogyny düzmek hem-de wodorod almak üçin reforming geçiriji düzümi emele getirmek göz öňünde tutulýar.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda daşky gurşawa goýberilýän galyndylary gaýtdan işlemek arkaly duzlary elektrik usulda aýryjy ýyllyk önümçilik kuwwaty 1 million tonna deň bolan desgany, azot, kislorod we argon önümçilik kärhanalaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Guwanç Agajanowyň aýmagyna görä, häzirki wagtda iki gaz turbinalarynyň, asfaltdan gudron bölüp almak we ýuwaş kokslamak üçin düzümleriň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Döwlet konserniniň başlygy Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebit gorlarynyň möçberiniň 18 milliard tonna barabardygyny mälim etdi. Bu pudagyň ösüşi we deňiz giňişligindäki känleri özleşdirmek üçin bölünip berlen bölekler daşary ýurt maýa goýumlary çekmegiň esasy ugurlarydyr.

Zawodlary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen ägirt uly maýa goýumlaryň hasabyna iň täze tehnologiýalar ornaşdyrylyp, olar öz gezeginde önümiň hilini gowulandyrmaga we nebit çig malyny dünýä ülňülerine laýyklykda çuň gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýändigini Agajanow belledi. Şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň ylmy-barlag institutynyň abatlaýyş işlerinden soň, doly döwrebaplaşdyrylandygy barada aýdyldy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň önümçilik kärhanalary önümleriň giň görnüşini, şol sanda ýokary oktanly benzin, awia we tehniki kerosin, reaktiw we dizel ýangyjy, mazut, çalgy ýaglary, polipropilen, peç ýangyjy, ýeňil gazoýly, nebit koksy, suwuklandyrylan koks, gurluşyk we ýol bitumy öndürilip, olar Türkmenistanyň ägirt uly eksport mümkinçiliklerini eýeleýär.