Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanly talyplara Hytaýda okamak üçin habarnamalar gowşuryldy
27.08.2025

26-njy awgutda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda 2025-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetinden talyp haklaryny alan talyplara kabul ediliş habarnamalaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu abraýly Hytaý uniwersitetlerinde okamak üçin bäsdeşlik saýlawyndan üstünlikli geçen dalaşgärler üçin möhüm waka boldy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Szi Şumin gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ilçi ýüzlenmesinde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bilimiň möhüm ornuny belläp geçdi. Ilçi talyplary gutlady we olaryň halklaryň arasynda "köpri" boljakdygyna umyt bildirdi.

Bu çärä talyplaryň ene-atalary hem gatnaşdy. Ýaşlar üçin bu waka durmuşynda we geljekdäki hünär ýollarynda täze tapgyryň başlangyjy boldy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň talyp haklary maksatnamasy ýokary hilli bilim almak üçin giň mümkinçilikleri açýandygy üçin gaty meşhur. Hytaýda okamak talyplara diňe bir saýlan hünäri özleşdirmäge däl, eýsem ýurduň baý medeniýeti bilen tanyşmaga, halkara tejribesini we täze hünärleri ele almaga mümkinçilik berer.

Habarnamalaryň hödürlenmegi, türkmen ýaşlarynyň hytaý bilimine bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny tassyklaýar we ýurtlaryň arasynda ylym-bilim pudagynda üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysalydyr.

Çeşme:Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi