
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar müdirligine gelip gowşan onlarça köpugurly we kuwwatly desgalar önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularda dürli düýpli abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri berýär. Bu desgalaryň kömegi bilen guýynyň içinde emele gelen çylşyrymly bökdençlikleri aradan aýyrmak ygtybarly amala aşyrylýar. Şonuň ýaly-da, olaryň kömegi arkaly hereketsiz we hereket edýän nebitgaz guýularynda çylşyrymly abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmak hem-de düýpli abatlaýşa garaşýan guýulary öz wagtynda dikeldip, ulanyşa tabşyrmak üstünlikli ýola goýulýar.
Ýakynda Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar müdirligine Hytaý döwletiniň önümi bolan TY-160 kysymly zynjyrly traktorlaryň 5-si gelip gowuşdy. «Gara altyndyr» «mawy ýangyjyň» möçberini artdyrmakda ýakyndan ýardam berjek täze tehnikalaryň nobatdaky tapgyrynyň gelmegi nebitçiler üçin iň bir ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Kuwwatly tehnikalar Goturdepe we Barsagelmez baýlyklar känlerine ugradyldy.
Täze tehnikalaryň üstünlikleriň gözbaşydygyna aýdyň düşünýän nebitçiler netijeli işlemäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda amala aşyrýan beýik işlerinde rowaçlyklary arzuw edýärler.
çeşme: nebit-gaz gazeti