Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň baştutanyny gutlady
27.08.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Moldowanyň Prezidenti Maýýa Sanduwа we ýurduň ähli halkyna respublikanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Maýýa Sanduwа berk jan saglyk, bagtyýarlyk, dostlukly ýurdyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Şeýlede okaň
27.08.2025
27.08.2025
27.08.2025