Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidenti Monako şazadasyny diplomatik gatnaşyklarynyň 10 ýyllygy bilen gutlady
27.08.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Monako arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini belledi hem-de onuň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Monako Şazadasy berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti