Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň wekilleri Tatarstanyň nebitgazhimiýa forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
27.08.2025

«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 26-njy awgustda Tatarstan nebitgazhimiýa forumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Gatnaşanlaryň arasynda Türkmenistan, şeýle hem Bahreýn, Serbiýa, Katar, Müsür, Mawritaniýa, BAE, Belarus we Gazagystan ýaly ýurtlardan wekiliýet bar.

Russiýanyň nebit-gaz pudagynda möhüm wakalardan biri bolan forumyň açylyşyna Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we Russiýanyň Senagat we söwda ministriniň orunbasary Mihaýil Iwanow çykyş etdiler.

Rustam Minnihanow, nebitgazhimiýa toplumynyň tehnologiki taýdan täzelenmegiň zerurlygy we täze ösüş ugurlaryny gözlemek bilen baglanyşykly düýpli özgerişleriň geçirilýändigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, forumda açyk gepleşik we tejribe alyşmak hyzmatdaşlygy berkitmäge we geljekki nesiller üçin täze taslamalary döretmäge kömek eder.

Forum, şeýle hem önümçilik, gaýtadan işlemek we himiki barlag pudagyndaky soňky ösüşler we enjamlar hödürlenýän “Kazan Oil, Gas & Chemistry” halkara sergisini öz içine alýar.

Çeşme: Türkmenistanyň halkara habarlar portaly