Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023» — Sona Kerimowa, «Türk­men­ne­bit»­ döwl­et­ kon­ser­ni­niň­ Ne­bi­ti­ gaý­ta­dan­ işl­e­mek ­mü­dirl­i­gi­niň­ baş ­hü­när­me­ni
26.10.2023

— «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahat bilen ugurdaşlykda guralýan sergide «Türkmennebit» döwlet konserniniň diwarlygyna hem aýratyn orun berildi. Bu forumyň geçirilmeginiň esasy maksady ýurdumyzyň nebit- gaz pudagynda gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmakdan, ýangyç-energetika, nebitgaz, nebithimiýa pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr. Bu bolsa maýa goýumlar arkaly pudagyň milli ykdysadyýetiň kuwwatyny ýokarlandyrmakda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, dünýä döwletleriniň ugurdaş düzümleridir kompaniýalary bilen özara bähbitli, oňyn hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam edýär. 46 ýurtdan 700-den gowrak wekiliň gatnaşmagy bu giň gerimli foruma gyzyklanmalaryň barha artýandygyny aýdyň görkezýär. Şolaryň hatarynda abraýly halkara guramalaryň, iri kompaniýalaryň, maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserni Türkmenistanyň çägindäki nebit ýataklaryny gözlemek, geologiýa we buraw işlerini alyp barmak, çykarylan çig maly nebiti gaýtadan işleýän toplumlara ugradyp, taýýar nebit önümlerini öndürmek hem-de olary içerki we daşarky sarp edijilere ýetirmek işini alyp barýar. Bu konsern ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň iň iri düzümleriniň biri bolmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde mynasyp orun eýeleýär. Nebit önümleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilip, sarp edijilere bökdençsiz ýetirilýär. Bu günki gün türkmen nebit önümleri Ýewropanyň, Aziýanyyň, beýleki yklymlaryň ýurtlaryna eksport edilýär we uly islegden peýdalanýar.

Elbetde, döwür ösýär, özgerýär. Şoňa görä-de, nebitgaz senagatynda-da täze-täze innowasiýalardyr usullar yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmen nebit önümlerini öndürýän zawodlarda, ozalky bar bolan nebit guýularynyň önüm berijiligini artdyrmakda, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmakda hem dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyò birnäçesi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Bu bolsa ýurdumyzda çykarylýan nebit önümleriniò möçberini, önümçilik düzümleriniň kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga ýardam berýär. Şu babatda alnyp barylýan işler «Türkmennebit» döwlet konserniniň diwarlygynda giňden şöhlelendirildi.

 

So­na­ KE­RI­MO­WA,

«Türk­men­ne­bit»­ döwl­et­ kon­ser­ni­niň­ Ne­bi­ti­ gaý­ta­dan­ işl­e­mek ­mü­dirl­i­gi­niň­ baş ­hü­när­me­ni