Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Nebitgazylmytaslama» institutynyň durky täzelenen binasynyň dabaraly açylyşy boldy
26.10.2023

25-nji oktýabrda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky «Nebitgazylmytaslama» institutynyň durky täzelenen binasynyň dabaraly açylyşy boldy. Balkan welaýat häkimliginiň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň günbatar sebitde iş alyp barýan düzümleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleriniň, ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplarynyň, şeýle hem köp sanly ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda guralan dabaralarda çykyş edenler döredilenine 75 ýyl bolan bu ylym ojagynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudagyny ösdürmäge goşan goşandy barada buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Geçen ýyllaryň dowamynda baýry institutyň alymlary tarapyndan ylmy-barlag işleriniň iki müň üç ýüzden gowragy, känleri tehnologik taýdan desgalaşdyrmak, guýy gurluşygy boýunça taslamalaryň hem müňden gowragy ýerine ýetirildi. Oýlap tapyşlaryň iki ýüzden köprägi hasaba alyndy. Şu ýyllaryň dowamynda bu ýerde 25 müň çemesi ylmy makala taýýarlanyp, 33 sany ylmy işiň ýygyndylary çap edildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň «Altyn ýyldyz» halkara hil we kämillik baýragyna, «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň halkara laureaty» adyna mynasyp bolmagy bu baýry ylym ojagynyň geçen şöhratly ýoluna şaýatlyk edýär.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň teatrlaşdyrylan sahnalary, küştdepdi tansy, ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary, bagşy-sazandalaryň belentden ýaňlanan owazlary köpçülige ruhy lezzet paýlady. Bu ýere ýygnananlar institutda döredilen muzeýe-de aýlanyp gördüler. Sebitdäki känlerden alynýan nebitiň, buraw işlerinde ulanylýan erginleriň görnüşleri, şonuň ýaly-da welaýatda bar bolan beýleki tebigy baýlyklaryň nusgalary, alymlaryň eýe bolan sylaglary uly gyzyklanma döretdi. Şeýle-de çärä gatnaşyjylar 450-den gowrak hünärmeni özünde jemleýän institutyň iş otaglarynyň, analitik barlaghanalarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän enjamlardyr tilsimatlar bilen üpjün edilendigine göz ýetirdiler. Dag jynslarynyň litokollektorlyk, mineralogik düzümini, gurluş aýratynlyklaryny, gatlak flýuidleriniň fiziki, himiki, harytlyk nebitiň reologik häsiýetlerini, korroziýa tizligini, buraw we tamponaž erginleriniň tehnologik görkezijilerini öwrenmek üçin ornaşdyrylan kämil enjamlaryň geljekde bu ýerde alnyp barylýan işleriň netijeliligini gazanmaga aýgytly täsirini ýetirjekdigini hem aýratyn nygtamak gerek. Institutyň durkuny täzelemek işinde göreldeli zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda institutyň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi.