Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Ertir OGT-2023 öz işine başlar
24.10.2023

Ertir Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» (OGT-2023) atly XXVIII Halkara maslahaty we sergisi öz işine başlar. Sergi 25-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 10:00-da dabaraly ýagdaýda açylar. 27-nji oktýabra çenli dowam etjek bu foruma 40-a golaý döwletden 400-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar. Şol sanda 70-den gowrak halkara energetika kompaniýalary sergide öz stendleri bilen tanyşdyrarlar.

Forumyň çäklerinde guraljak halkara maslahatyň çäklerinde «Geljegiň global energiýasy», «Häzirki energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we geljegiň energetika ulgamlaryna maýa goýmak: Tebigy gaz we gazhimiýa», «Häzirki energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we geljegiň energetika ulgamlaryna maýa goýmak: Nebit we nebithimiýa», «Uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň ekologiki taraplary», «Täze energiýa çeşmeleriniň monetizasiýasyny we diwersifikasiýasyny çaltlaşdyrmak», «Energetika pudagynyň geçiş döwründe tehnologiki innowasiýalaryň we üstünlikli adam maýasynyň orny» ýaly temalar boýunça plenar mejlisler geçiriler. Olarda Türkmenistanyň nebt-gaz toplumynyň düzümleriniň hem-de halkara energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri çykyş ederler.

Mundan başga-da, 26-njy oktýabrda sagat 14:00-da resminamalara gol çekmek dabarasy bolup geçer.

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda döwlet ministri «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň, Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowyň, «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Nazar Atajanowyň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» (OGT-2023) atly XXVIII Halkara maslahatynyň we sergisiniň jemleri boýunça metbugat brifingi geçiriler.