Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan karbamidiň, suwuklandyrylan gazyň we nebit önümleriniň täze toplumyny eksport etdi
24.10.2023

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, suwuklandyrylan gazy, owganystanly işewürler “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Gonkongyň telekeçilerine nah ýüplük we nah mata, gaýtadan dikeldilen süýüm, egirme önümçiliginiň galyndylary, distillirlenmedik çig ýagly turşulyklar, guradylan buýan köküniň ergini, asafetid ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 668 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 54 million 947 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), el halylaryny, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, nah matany satyn aldylar.