Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
25 – 27-nji oktýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» halkara forumy geçiriler
21.10.2023

20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda, wise-premýer B.Amanow «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» atly XXVIII halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň hasabatynda aýtmagyna görä, foruma dürli daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe edaralarynyň, şeýle hem ýerli we Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri, ýurduň kärhanalary we telekeçileri gatnaşarlar.

Maslahatyň gün tertibine meseleleriň giň toplumy giriziler. Şeýle-de örän baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlarynyň maýa goýum işini ösdürmek, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod, nebithimiýa, gazhimiýa çig malyny gaýtadan işlemek, himiýa pudagyny we elektroenergetikany ösdürmek, ekologiýa taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary çekmek barada pikir alyşmalar bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, häzirki döwürde nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biridigini belledi. Şoňa görä-de, nebitgaz senagatynyň ýeten derejelerini görkezmekde bu halkara maslahatyň we serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygy, şeýle forumlaryň bu pudakda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda gatnaşyklary işjeň ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.

Döwlet Baştutany bu halkara forumda daşary ýurt kompaniýalary bilen pudagy ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B.Amanowa halkara forumyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi