Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Owganystandaky ýagdaý» atly gün tertibi boýunça geçirilen brifinginde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Wepa Hajyýew Türkmenistanyň Owganystanyň goňşy döwleti hökmünde bu ýurtda ýagdaýyň tiz wagtda durnuklaşmagyna gönüden-göni gyzyklanma bildirýändigi belledi.
Türkmen tarapy söwda-ykdysady we infrastruktura hyzmatdaşlygynyň Owganystanyň uzak möhletleýin durnukly ösüşini üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan iri sebit taslamalarynyň, şol sanda «Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisiniň, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan» (TOP) elektrik geçiriji ulgamynyň, şeýle hem demir ýol we ulag başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Owganystan boýunça halkara dialogyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini tassyklap, Türkmenistan amaly, deňagramly we geljege gönükdirilen çemeleşmeleri goldaýandygyny beýan etdi.







