GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinleriň Prezidentine Mindanao adasynda bolup geçen ýertitreme zerarly gynanç bildirdi
10.06.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Markosa ýurduň Mindanao adasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.