Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Aşgabatda OGT 2023 XXVIII Halkara maslahatyna we sergisine jemleýji taýýarlyk işleri geçirilýär
23.10.2023

OGT 2023 - "Türkmenistanyň Nebiti we Gazy - 2023"  XXVIII Halkara maslahaty we sergisi: gün tertibi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň hünärmenleri möhüm waka – “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023” (OGT 2023) atly XXVIII Halkara maslahatyna we sergisine jemleýji taýýarlyk işlerini alyp barýarlar, bu çäre 25-27-nji oktýabrda paýtagtymyzda geçiriler. Ýurdumyzyň energetika pudagy üçin möhüm çäreleriň biri bolan bu giň gerimli forumy «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde “Türkmen Forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda guraýarlar. Onda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Däp bolşy ýaly, OGT 2023 Aşgabatda dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň wekillerini, şeýle hem Türkmenistandan we daşary ýurtlardan pudagyň bilermenlerini we ýolbaşçylaryny bir ýere jemlär. Maslahatyň çäklerinde dünýäniň enegetika bazaryndaky ýagdaýlara, nebitgazly ýataklary özleşdirmek hem-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerine bagyşlanan çykyşlaryň we çekişmeleriň birnäçesi meýilleşdirildi. Garaşylyşy ýaly, maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan täze maýgoýum taslamalary bilen tanyşdyrylar. Olar ägirt uly “Galkynyş” gaz känini işläp taýýarlamagyň, TOPH gazgeçirijisini gurmagyň, gury ýerde nebiti we gazy çykarmagy amatlaşdyrmagyň, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary, gaýtadan dikeldilýän energetikany özleşdirmegiň geljekki tapgyrlaryny öz içine alýar. Uglewodorod serişdelerini gazyp almakda we metanyň taşlandylaryny azaltmakda ekologiýa meselelerine aýratyn üns berler. Maslahata iri energetika kompaniýalaryna we guramalaryna wekilçilik edýän abraýly spikerler gatnaşarlar. Olaryň hatarynda - SPE-niň (inžener nebitçileriň jemgyýeti) prezidenti Medhat М. Камаl, Russiýada we GDA-da işleýän Baker Hughes kompaniýasynyň prezidenti Ýelena Akolsewa , GHG Sat-niň prezidenti Stefan Jermeýn, Dragon Oil kompaniýasynyň direktory Аli Raşid Al Jarwan, CNPC kompaniýasynyň baş direktory Çen Huaýlun, ADNOC kompaniýasynyň wise-prezidenti Jasper Peyjs, OPEC-niň (nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasy) nebit gözleg işleri bölüminiň ýolbaşçysy Behruz Baýkalizade, BMG-niň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti, Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Gaý Lens, şeýle hem ilçi, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Metanyň zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýasynyň ýolbaşçysy Manfredi Kaltajirone, GHGSat Inc. kompaniýasynyň prezidenti Stefan Žermen, Climate Compass kompaniýasynyň halkara işewürligi ösdürmek bölüminiň ýolbaşçysy Sandilýo Banerji we beýlekiler bar. Şeýle hem OGT-2023 Halkara maslahatynyň işine daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, Londonyň Imperiýa kollejine ekologiýa taýdan arassa energetika professory Pol Fennell, Russiýanyň I.M.Gubkin adyndaky Nebit we gaz döwlet uniwersitetine bolsa professor Nadežda Şewelewa wekilçilik ederler. Maslahat däbe öwrülen görnüşde, şeýle hem onlaýn-formatda geçiriler. Guramaçylar bellige alynan wekilleriň hemmesine wiza goldawyny üpjün etdiler. Maslahat bilen ugurdaş sergi guralar, oňa Dragon Oil, CNPC, Petronas, PEL, Honhua, Rosen Group, Sumitomo, Yug-Neftegaz, Tatneft, ENI, Rönesans, Schlumberger, Transneft, Interpaýp, KAMAZ we beýleki ençeme meşhur kompaniýalar gatnaşarlar. Sergi ýurdumyzyň we dünýäniň nebitgaz pudaklarynyň ösüşiniň häzirki meýillerine laýyklykda olaryň iň gowy gazananlaryny görkezer. Ol milli we halkara nebit kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz, bank, himiýa we energetika ulgamlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirildi, ol geljekki hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we täze maýagoýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer. Forumyň guramaçylary maslahatyň işine we sergä öňdebaryjy halkara energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we dünýäniň esasy maliýe institutlarynyň köpsanly ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşýarlar, olar halkara hyzmatdaşlygyny we energetika pudagyny durnukly ösdürmäge ýardam etmek boýunça dialogy berkiderler, tejribe alyşarlar hem-de Türkmenistanyň nebit pudagynyň we gaz toplumynyň ösüşine täsir edýän sebit we dünýä meýillerini ara alyp maslahatlaşarlar. OGT-2023 forumyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda Hyundai Engineering Co., Ltd, Mitro International, PEL Limited, Baker Hughes Buried Hill, Dragon Oil, Schlumberger, Eni, Yug-Neftegaz ýaly dünýä belli kompaniýalar bar. Maslahatyň çäklerinde guraljak işewür duşuşyklar geljekki hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň ýangyç-energetika we nebitgazhimiýa toplumlarynda täze maýagoýum taslamalary barada habarly bolmagyna ýardam eder. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda, şeýle hem daşary döwletlerde geçirilýän halkara nebitgaz maslahatlary we forumlary Türkmenistanyň dünýäniň energetika giňişligine işjeň aralaşmagynda uly ähmiýete eýe bolup durýar.