5-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimlini kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de azerbaýjan wekiliýetine türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Azerbaýjanda Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewiň döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Myhman özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belläp, Türkmenistanda saparda bolmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, myhmanyň saparynyň dowamynda geçiriljek çäreleriň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi hem-de Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär. Soňky ýyllarda döwlet we hökümet derejesindäki yzygiderli duşuşyklaryň hem-de özara saparlaryň netijesinde hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykaryldy. Ikitaraplaýyn gün tertibinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bilelikdäki medeni çäreleriň ähmiýetini nygtadylar. Bu çäreler medeniýetiň we sungatyň dürli ugurlarynda tejribe alyşmaga ýardam berýär.
Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigini belläp, şeýle medeni gatnaşyklaryň halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýändigini nygtady. «Bu asylly däbe eýerip, şu ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýär. Ýurdumyz Azerbaýjanyň medeniýet, sungat işgärlerinden ybarat uly wekiliýetini myhmansöýerlik bilen kabul edýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Şeýle hem duşuşykda Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilýän sergileriň, konsertleriň, şahyrlaryň, akyldarlaryň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatlaryň ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň umumy taryhy, medeni mirasynyň döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimli türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.







