GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny ýurduň Milli güni bilen gutlady
06.06.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa Şwesiýanyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Patyşa Karl XVI Gustawa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Şwesiýa Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.