Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerini we türkmen halkyny Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan hem-de baýlaşdyrmakdan, özboluşly, gaýtalanmajak gözel tebigatymyzy aýawly saklamakdan we geljek nesillerimize has-da gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Diýarymyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine uly goşant goşýar we halkymyzyň baý tebigatymyza buýsanjyny artdyrýar. Belent maksatlara gönükdirilýän bu işleriň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabadyň, «akylly», «ýaşyl» şäher adyna eýe bolan Arkadag şäheriniň daş-töwereginde, welaýatlarda döredilýän tokaý zolaklarynyň çägi barha giňelýär. Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyzyň, daşary ýurtly syýahatçylaryň dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli şertler döredildi.
Döwlet Baştutanymyz Garagum sährasynyň jümmüşindäki «Altyn asyr» Türkmen köliniň diňe bir Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrman, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga hem oňyn täsirine ünsi çekdi. Türkmenistanyň biodürlüligini, sebitiň ösümlikleriniň, haýwanlarynyň seýrek hem-de dünýä ähmiýetli endemik görnüşlerini gorap saklamakda netijeli işleri aýratyn bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sözlerine görä, adamzadyň durnukly ösüşini we ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýedir. Dünýä jemgyýetçiliginiň daşky gurşawy goramagyň meselelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryna Türkmenistanyň hem işjeň gatnaşmagy we tebigaty goramak, ekologiýa meselelerini çözmek babatda birnäçe maksatnamalary durmuşa geçirmegi aýratyn bellenilip geçildi.
«Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan ýurdumyz durnukly ösüşe oýlanyşykly çemeleşýär. Bu mesele boýunça biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş hem-de Daşky gurşaw boýunça maksatnamalary, Azyk we oba hojalyk guramasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly köp sanly halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarys. Ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlary hem-de teklipleri öňe sürýäris. Biz Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç bilen hem çykyş etdik» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz Hatynda ýazdy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegi teklip edendigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň tarapdary hökmünde Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna resmi taýdan goşulmagy hem-de onuň çäginde halkara we milli derejede amala aşyrylýan işler ýurduň howanyň üýtgemegine, onuň täsirlerine garşy göreşmekde netijeli hereketleriniň aýdyň güwäsidigini aýtdy.
Hatda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürülýän we sebitleýin ekologiýa hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna, toplumlaýyn ekologiýa başlangyçlarynyň halkara derejede ilerledilmegine gönükdirilen teklipleriň ähmiýetine hem üns çekildi.
«Biz özboluşly tebigatymyzy has-da gözelleşdirmek maksady bilen, geljekde hem bu ugurda alyp barýan işlerimizi üstünlikli dowam etdireris», — döwlet Baştutanymyz Hatyny tamamlady we ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerini we türkmen halkyny Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.







