4-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barlan işler, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň guramaçylykly dowam edýändigi barada-da aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş kuwwatyny has-da berkitmek, harby gullukçylaryň taýýarlyk derejesini kämilleşdirmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de Milli goşunyň ähli bölümlerinde harby düzgün-nyzamyň berjaý edilişini, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, harby gullukçylaryň netijeli gullugy üçin şertleri döretmek, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak işlerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Soňra ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlar bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olaryň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, şeýle hem işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp baryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňledi we degişli ýolbaşçylara tabşyryklardyr görkezmeleri berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda degişli resminama gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.







