Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlament işleri boýunça federal ministri Tarik Fazal Çaudry bilen duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşler sebit durnuklylygy we howpsuzlygy bilen bagly möhüm meseleleri, şeýle hem Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi Atajan Möwlamow myhmany Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurtda alnyp barylýan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalary bilen tanyşdyrdy.
Ministre Türkmenistanyň sebitde durmuşa geçirýän iri energetika we infrastruktura taslamalary barada giňişleýin gürrüň berildi. Bu taslamalaryň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda, sebitara arabaglanyşygy ösdürmekde hem-de Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde strategik ähmiýete eýedigi bellenildi.
Şunda energetika, ulag-aragatnaşyk, söwda, maýa goýumlary we ynsanperwer gatnaşyklar ugurlarynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy hem nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary ilerletmäge taýýardyklaryny tassykladylar.







