GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we ABŞ nebit-gaz senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar
05.06.2026

3-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşygy geçiridi. Ol Aşgabada iş sapary bilen Amerikanyň kompaniýalaryndan düzülen wekiliýetiň ýolbaşçysy hökmünde geldi.

Taraplar «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň işini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlarynyň wekilleri bilen özara gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin netijeli platforma bolup durýandygy nygtaldy.

Şunda Aşgabatda Geňeşiň wekilleri bilen geçirilen tegelek stoluň netijeliligi aýratyn bellenildi. Oňa ona golaý amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar, şol sanda Climate Compass, John Deere, Westport Trading we beýlekiler bar. Tegelek stolda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşiň işi iki ýurduň arasynda döwletara baglanyşyklaryny pugtalandyrmaga, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňyn täsir edýär.

Söhbetdeşler ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda, şol sanda ulag-logistika, energetika, nebit-gaz senagaty, oba hojalygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.