GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersiteti Türkmenistanyň ahalteke atlary baradaky iň gowy düzmeleriň awtorlaryny sylaglady
04.06.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Türkmenistanyň tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmen bedewleriniň halkara derejesindäki şan-şöhraty» atly döredijilik bäsleşigini geçirdi. Bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde bedewleriň wasp edlişi boýunça iňlis dilinde düzme ýazmalydylar. Bäsleşigiň jemleri boýunça 1-nji ýere Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Aýbölek Aşyrowa mynasyp boldy. Ikinji ýere Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Sanjar Taganow we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Mahmut Gurbanow mynsyp boldular. Üçünji ýer alanlaryň hatarynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Baýram Çaryýew hem bar.