«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kemal Durdyýewiň ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine (Baku Energy Week) gatnaşdy. Nebit-gaz pudagy bilen bir hatarda, ýaşyl energiýa we energiýa howpsuzlygy meselelerini öz içine alýan iri energetika çäresi Azerbaýjanyň paýtagtynda öz işini tamamlady.
Çäräniň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kemal Durdyýew bilen Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wise-prezidenti Elşad Nasyrowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasynda däp bolan energetika hyzmatdaşlygynyň berkidilýändigine ýokary baha berdiler we amaly gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar.
Baku Energetika hepdeligi geçirilen ýyllarynyň dowamynda özüni sebit hem-de halkara derejesinde ygtybarly energetika meýdançasy hökmünde tanatdy we dünýä energetika senenamasynda sabyrsyzlyk bilen garaşylýan wakalaryň birine öwrüldi.
Baku Energetika hepdeligi üç sany ähmiýetli çäräni özünde jemleýär: 31-nji «Hazaryň Nebiti we Gazy» atly Halkara sergisi, 14-nji «Arassa energiýa» atly Hazar halkara sergisi we 31-nji Baku Energetika forumy.







