GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Strategik taýdan ähmiýetli nebit we gaz desgasy işe girizildi
03.06.2026

Ýakynda Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada baýlyklar käninde gazdan nebit kondensatly garyndyny saýlaýjy we akdyryjy desga gurlup işe girizildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygynyň dabaraly belleniljek «Garaşsyz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şatlykly wakalarynyň üstüni ýetiren bu täze desgany «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň buýurmasy esasynda «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň gurluşykçylary bina etdiler.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty tarapyndan taslamalaşdyrylan bu desga Uzynada käninden alynýan nebit we gaz kondensatly garyşyk önümi üç basgançakly separator enjamlarynyň üsti bilen gazy nebit kondensatly garyndydan, suwdan, beýleki mehaniki gyryndylardan saýlamaga mümkinçilik berýär. Desgada saýlanan «mawy ýangyç» täze çekilen, uzynlygy 32,3 kilometr bolan turba geçirijisiniň üsti bilen Barsagelmez känindäki gaz gysyjy desgasyna akdyrylýar. Saýlanan nebit kondensaty bolsa durnuklaşdyrylyp, çelege ýygnalmak bilen Gumdag nebit taýýarlaýyş we akdyryş bekedine akdyrylýar. Desga gije-gündizde 3 million kub metr tebigy gazy we 2 müň tonna nebit gatyşykly kondensaty saýlamaga mümkinçilik berýär.

Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, täze desganyň işe girizilmegi Barsagelmez nebit känindäki gaz göteriş usulynda işleýän nebitli guýulary ýokary basyşly gaz bilen üpjün etmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Geljekde gaz ulgamyny halkalaýyn turba geçirijiler bilen birikdirip, «Körpeje» gaz gysyjy desgasyna akdyrmak hem göz öňüne tutulýar. Mundan başga-da, Uzynada käninde täze desganyň gurulmagy turba geçirijidäki garşylyklaýyn basyşyň ep-esli peselmegine getirdi. Şonuň bilen birlikde, guýularyň önüm berijiligi ýokarlanyp, onuň hasabyna bir gije-gündizde ortaça 250 tonna goşmaça nebit çykarmaga mümkinçilik döredi. Şeýle hem Uzynada käninde guýularyň kadaly we uzak möhletde işlemegine mümkinçilik döredip, burawlaýyş işleri tamamlanan täze önümli guýulary ulanyşa girizmekdäki bökdençlikler hem oňyn çözgüdine eýe boldy. Täze desganyň geljegine uly ynam bildirilýän Hazarýaka baýlyklar känleriniň golaýynda gurulmagy täze ugurdaş nebitgazly ýataklarynyň üstüniň açylmagyna ýakyndan ýardam berer we köp babatda ykdysady bähbitli mümkinçiliklere giň ýol açar. Ýeri gelende aýtsak, Uzynada baýlyklar käni Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinden 78 kilometr günorta-günbatar aralykda ýerleşip, Hazar deňziniň ýalpaklygy bilen araçäkleşýär. Baýlyklar käninde 2013-nji ýylda «Türkmennebit» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan goşmaça 2D seýsmiki barlaglar geçirilip, onuň ortaça ölçegleri, umumy meýdany, uglewodorod gorlary barada maglumatlar alyndy. Alnan maglumatlaryň netijesinde, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan täze, kuwwatly buraw desgasynyň güýji bilen bu meýdançada 2017-nji ýylda 7-nji gözleg guýusy 7 müň 150 metr çuňluga burawlandy. Sebitde ilkinji iň çuň guýuda geçirilen synag işleriniň netijesinde gije-gündiziň dowamynda 350 müň kub metr tebigy gazyň, 200 tonna nebit kondensatynyň bol akymy alyndy.

— Uzy­na­da baýlyklar käninde iş alyp barýan «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligimiz geçen asyryň 50-nji ýyllarynda döredilip, ol baýry kärhanalaryň biridir. Kärhanamyzyň «gara altyn» ussatlary Uzynadadan başga-da, sebitiň çägindäki Gumdag, Guýjyk, Gögerendag, Ördekli, Ekizak ýaly baýlyklar känleriniň «gara altynly» guýularynyň 369-synda we «mawy ýangyçly» guýularyň bolsa 48-sinde iş alyp barýarlar. Häzirki wagtda müdirligimiz boýunça nebitgaz ýataklaryndan ortaça bir gije-gündizde 2 müň tonna nebit we 1 million kub metre golaý tebigy gaz çykarylýar.

Täze desga gurulmazdan ozal sebitden alynýan gazdan nebit kondensatly garyndyny saýlamak we arassalamak üçin turba geçirijileriň üsti bilen 44 kilometr uzaklykda ýerleşýän Ördekli känindäki desga akdyrylýardy. Şeýle ýagdaýda önümiň uzak aralyga gatyşykly halda akdyrylmagy, turba geçirijilerde basyşyň ýokarlanmagyna, şoňa görä-de, önümçilikde tehnologiýa sazlaşygynyň bozulmagyna, ýagny guýulardaky basyşyň ýokarlanmagyna getirip, olardan çykarylýan önümiň möçberiniň peselmegine we turba geçirijisiniň ulanyş möhletiniň azalmagyna getirýärdi. Şeýle bökdençlikleriň aradan aýrylmagy bilen müdirligimiziň iş öndürijiligi şu günler has-da ýo­kar­lan­ýar — di­ýip, «Türk­men­ne­bit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň baş geology Rejepmämmet Nyýazow gürrüň berdi.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti