GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda daşarky bazarda nebithimiýa önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
03.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2-nji iýunda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. 
Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TS-1» kysymly awiakerosini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2-nji iýunda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda Täjigistanyň we Owganystanyň telekeçilerine «ECO-93» kysymly ulag benzini ýerlenildi.

Içerki bazarda pagta süýümini we birinji hilli arassalanan pagta ýagyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 59 315 850 manada we 46 391 750 ABŞ dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy.