GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdi
02.06.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Muhammet Hojaýew Bangkokda (Tailand) geçirilen parapauerlifting boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň açyk çempionatynda üstünlikli çykyş etdi.

Muhammet Hojaýew 54 kg çenli agram derejesinde çykyş edip, Aziýa ýurtlarynyň türgenleriniň arasynda kümüş medala, Aziýa we Okeaniýa ýurtlary boýunça umumy hasapda bolsa bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmenistanly türgen ýokary taýýarlyk derejesini görkezdi.

Ýaş türgeniň gazanan bu üstünligi okuw mekdebi üçin uly buýranç boldy hem-de Türkmenistanda paralimpiýa sportunyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň ýolbaşçy düzümi, mugallymlary we talyplary Muhammet Hojaýewi bu gazanan ýeňşi bilen gutladylar hem-de oňa halkara giňişliginde täze sport üstünliklerini arzuw etdiler.

Ýokarda agzalan birinjilige Aziýanyň we Okeaniýanyň 23 ýurdundan jemi 249 türgeniň gatnaşandygyny bellemelidiris.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti