Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň çäklerinde Diýarymyzyň Günbatar sebitinde hem giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda alnyp barylýan tutumly işler hem oňa doly şaýatlyk edýär. Bu ýerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli müdirliklerinden gelip gowuşýan «gara altyn» gaýtadan işlenip, harytlyk görnüşine getirilýär. Içerki we daşarky bazarlarda sarp edijileriň arasynda uly isleg bildirilýän şol geçginli önümleri öndürmekde toplumda uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Täze önümçilikleri giňeltmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, şol sanda ekologiýa taýdan arassa, bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek babatda hem düýpli öňegidişlikler gazanylýar.
Belent maksatlary özünde jemleýän ygtybarly ösüşler türkmenbaşyly nebiti gaýtadan işleýjileriň «gara altyny» senagat taýdan işlemek arkaly alynýan dürli nebit önümleriniň möçberlerini yzygiderli artdyrmakda tagalla edýärler. Has takygy, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň degişli meýilnamasy 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemek babatda meýilnama hem 101,3 göterim ýerine ýetirildi. Benzin, şol sanda dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnamalaryň ikisine-de 105,1 göterim ýerine ýetirildi. Bu ýerde çalgy ýaglaryny, şeýle-de suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamalary degişlilikde 100,9 göterim we 111,2 göterim amal edildi. Zawodlar toplumynda geçen döwürde tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109,4 göterim, «mawy ýangyjy» daşary ýurtlara eksport etmegiň meýilnamasy hem 114,3 göterim berjaý edildi.
Şu günlerde hem öňde goýlan möhüm wezipelere abraý bilen hötde gelýän iri senagat kärhanasynyň tejribeli işçileridir inžener-tehniki işgärleri has-da öndürijilikli, tutanýerli zähmet çekýärler.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»