Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň we Rumyniýanyň nebitgaz ugurly ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýärler
16.10.2023

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow Rumyniýa saparynyň barşynda diplomatik wekiller bilen birlikde Ploýeştiniň Nebit we gaz uniwersitetine baryp gördi.

Atamanow rumyn kärdeşi Alin Dinisa bilen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň nebitgaz ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy. Şol sanda dürli mowzuklar boýunça bilelikdäki çäreleri, maslahatlary we onlaýn leksiýalary guramak mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle hem iki ýurduň wekilleriniň özara okuw saparlaryny guramak boýunça pikir alşyldy.

Türkmen we rumyn nebitgaz ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk 2017-nji ýylda ýola goýuldy. Şu gezekki duşuşykda rumyn tarapy özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdi. Öz gezeginde, ýurdumyzyň nebitgaz uniwersitetiniň rektory Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunda bilim ugruna möhüm orun berilýändigini nygtady.

Duşuşykda, Ploýeştiniň uniwersitetinde bilim alýan GDA ýurtlaryndan bolan ýaşlaryň sanynyň yzygiderli köpelýändigi bellendi. Şeýle hem bilelikdäki bilim gatnaşyklaryny ilerletmek, ylmy-barlaglary geçirmek meselelerine garaldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy