Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
14.10.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde iş saparynda bolup, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Gyrgyzystanyň paýtagtyna çenli uçuşy amala aşyryp, “Manas” Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde GDA ýurtlarynyň Döwlet baýdaklary, Arkalaşygyň baýdagy galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, belent mertebeli myhmana gyrgyz milli nygmatlary — pişme we bal hödür edildi, gül desseleri gowşuryldy. Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden “Ala-Arça” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Prezident Sadyr Žaparow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Baştutanlary iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Prezident Sadyr Žaparow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Bişkekde kabul edýändigine örän şatdygyny nygtady we mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady.

Şeýle-de Gyrgyzystanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.

Gyrgyz Lideri döwlet Baştutanymyzyň Bişkek şäherine şu saparynyň öňden gelýän dostlukly, halklarymyzyň taryhy-medeni umumylygyna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çakylygy we myhmansöýerlik üçin Prezident Sadyr Žaparowa minnetdarlyk bildirip, sammitde başlyklyk edýän ýurt hökmünde Gyrgyz Respublikasyna mejlisiň üstünlikli geçirilmegini, bu möhüm duşuşykda ähli maksatlara ýetilmegini hem-de wezipeleriň çözülmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz sammitiň ýokary guramaçylyk derejesini belläp we ýurdumyzyň Arkalaşygyň formatynda mundan beýläk-de bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklap, gyrgyz Liderine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, ähli ugurlar boýunça okgunly ösýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Ýokary we Hökümet derejesindäki yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlardyr gepleşikler gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Şunda söwda-ykdysady ulgamda bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmak, ösüşiň oňyn görkezijilerine eýe bolan özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin ähli gurallary ulanmagyň zerurdygy bellenildi. Nebitgaz senagaty, energetika, ulag, oba hojalygy we beýlekiler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň ähmiýetli orny nygtaldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Sadyr Žaparow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa elektrik energetikasy ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy goldaýandygy üçin hoşallyk bildirip, bu ulgamda gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen baglylykda, yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr ulag we logistika merkezi hökmünde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň orny bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, ynsanperwer gatnaşyklary — ylym, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetine üns çekildi.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň köptaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti bellenildi. Bu ugurda taraplar birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň şu sammitiniň gün tertibi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilip, täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler hem-de birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Şu gün döwlet Baştutanymyz GDA-nyň sammitine gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň Maslahatlar binasyna ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Prezident Sadyr Žaparow mähirli garşylady. Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary sammitiň resmi banneriniň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew hem gatnaşdylar. Sammitiň resmi banneriniň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi.

Prezident Sadyr Žaparow belent mertebeli myhmanlary gyrgyz topragynda mähirli mübärekläp, Arkalaşygyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, dürli ulgamlarda bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmak, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak babatda şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetini nygtady. Munuň özi umumy abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Soňra dostlukly döwletleriň Baştutanlaryna söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, Prezident Sadyr Žaparowa şu mejlisiň guralandygy, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik we netijeli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň GDA-nyň çäklerinde ählumumy we sebit gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça yzygiderli, köpugurly dialogyň dowamy bolup durýandygyny belläp, döwletleriň Arkalaşygyň formatyndaky özara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleler boýunça hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin amatly ýagdaýy döretmegiň möhüm şerti bolup durýandygyna ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, onuň işine Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda gatnaşýar. Arkalaşygyň çäklerinde öňe sürýän tekliplerimiz Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginde beýan eden başlangyçlaryna doly laýyk gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine degişlidir.

Soňky döwrüň halkara wakalary parahatçylygy saklamagyň, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň dünýä syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boljakdygyny aýdyňlyk bilen görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bu babatda häzirki wagtda Türkmenistan dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryny we ugurlaryny nazara almak bilen, BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär. Bu başlangyç Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň barşynda beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu strategiýanyň möhüm ugurlarynyň üçüsini anyklaşdyryp, olaryň birinjisi hökmünde gapma-garşylyklaryň we howplaryň öňüni almagyň, aradan aýyrmagyň, olary ýüze çykarýan sebäpleri ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerini kesgitledi. Strategiýanyň ikinji ugry syýasy hukuk dereje hökmünde oňyn Bitaraplygyň kuwwatyndan peýdalanmak bilen baglydyr. Munuň özi diplomatik serişdeleriň we usullaryň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly jedelleridir gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär. Bu babatda Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň özboluşly halkara hukuk ýagdaýy, toplan parahatçylyk dörediji araçyllygynyň oňyn tejribesi hem-de döwletara meseleleri dawasyz çözmäge ygrarlydygy bellenildi.

Üçünjiden, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynda parahatçylygy üpjün etmegiň kepili hökmünde ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň ähmiýetini nazara almagy wajyp hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky çözgütleriniň orny nygtaldy. Wagt bu Kararnamalaryň häzirki döwür üçin hem derwaýysdygyny tassyklady. Biz strategiýanyň işlenip taýýarlanylmagyna özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk, şol sanda Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda, şeýle hem syýasy, ykdysady, ekologik, tebigaty goramak, ynsanperwer häsiýetli derwaýys meseleleri çözmek, umuman, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin möhüm ädim hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň giňişliginde döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistan şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda toparyň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyny geçirmegi, şondan soňra 2024-nji ýylda halkara maslahaty guramagy teklip etdi we GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokarda agzalan başlangyjyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylanda, biziň ýurtlarymyzyň bähbitleriniň laýyk geljekdigine ynam bildirip, ýurdumyzyň munuň üçin Aşgabatda zerur bolan ähli infrastrukturany we şertleri hödürlemäge taýýardygyny tassyklady. Bu institut Bitaraplyk, onuň bilen baglanyşykly meseleler boýunça seljeriş barlaglaryny geçirmek üçin netijeli meýdança bolmalydyr.

BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky Türkmenistanyň teklipleri Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň formaty üçin derwaýys bolup durýar. Sebitiň durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşini üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara guramalaryň, maliýe-ykdysady institutlaryň ýakynlaşmagyna we tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleriň, çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyny maslahatyň esasy maksady hasaplaýarys. Türkmen tarapy Arkalaşygyň döwletlerini geljek ýyl Aşgabatda maslahatyň birinji mejlisiniň işine gatnaşmaga çagyrýar.

Häzirki zaman dünýäsiniň terrorçylyk howpy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, adam söwdasy, GDA-nyň giňişligine radikal, ekstremistik elementleriň aralaşmagy ýaly wehimlere garşy durmak, kiberhowplar we beýleki wehimler bilen baglanyşykly meseleler boýunça mundan beýläk-de tagallalarymyzy utgaşdyrmagy möhüm hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Derwaýys meseleleri çözmegiň ýollaryny gözlemek boýunça teklipleri öňe sürmek bilen, biz başlangyçlarymyzyň Arkalaşygyň çäklerinde berk we uzak möhletli parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendigine, tutuş dünýäde parahatçylyk we ylalaşyklylyk diplomatiýasyny ilerletmäge uly goşant bolup hyzmat edýändigine düşünmekden ugur alýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Ykdysadyýetde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan ugry hasaplaýarys. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama gol çekildi. Bu resminama soňra kabul edilen GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň esasyny düzdi. Strategiýada söwda, senagat kooperasiýasy, ulag, energetika, maýa goýumlar ulgamlarynda we beýleki ileri tutulýan pudaklarda ýakyn gatnaşyklar göz öňünde tutulýar. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň giň gerimli Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar düzümleýin geçelgeleri ösdürmek babatda energetika, ulag-kommunikasiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başyny başlan taslamalarynyň Arkalaşygyň döwletleri üçin wajypdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzi — Gara deňiz we Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň ulag gatnawlary, şeýle hem Aýlagyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen logistik mümkinçilikleri artdyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky ysnyşykly ynsanperwer gatnaşyklar, ozalkysy ýaly, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm we birleşdiriji şerti bolmagynda galýar. Ylym-bilim, syýahatçylyk, sport ulgamlarynda uly tejribe topladyk. Medeni alyşmalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem wajyp ugur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini “GDA-nyň medeni paýtagty” diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy goldaýandygyny belläp, bu hormatly derejäniň çäklerinde çäreleriň geçirilmeginiň GDA-nyň halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna täze itergi berjekdigine, däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň GDA-nyň çäklerinde mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge berk ygrarlydygyny tassyklap, döwletara hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine 2023-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda netijeli başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, geljek ýyl GDA-da başlyklyk etjek Russiýa Federasiýasyna we Prezident Wladimir Putine üstünlikleri arzuw etdi, şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe bilelikdäki işi üstünlikli utgaşdyrandygy, şu mejlisiň netijeli geçirilmegine uly goşant goşandygy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Sammitiň barşynda bolan pikir alyşmalaryň çäklerinde Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri seljerildi, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler anyklaşdyryldy, halkara we sebit durmuşynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem birnäçe guramaçylyk we beýleki degişli meselelere garaldy.

GDA-nyň Baş sekretary S.Lebedew 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegiň Russiýa Federasiýasyna geçýändigi hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geljek ýylyň 8-nji oktýabrynda Moskwa şäherinde geçirmek baradaky çözgütleri beýan etdi.

Sammitiň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.

Mejlis tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Manas” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabada çenli uçuşy amala aşyryp, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy. Şol ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Bu ýerde Gyrgyz Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy saparyň üstünlikli geçmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde netijeli gatnaşyklary ösdürmekdäki işjeň ornuny belledi. Bişkekde ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyna, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde köpýyllyk döwletara gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Munuň özi umumy abadançylygyň, rowaçlygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi