Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
ADIPEC 2023 forumynda Türkmenistanyň we Pakistanyň wekiliýetleri TAPI we TAP taslamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar
04.10.2023

Abu-Dabi şäherinde geçirilýän ADIPEC 2023 nebitgaz sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Pakistanyň energetika, energiýa we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Muhammet Ali bilen duşuşygy geçirildi diýip, ORIENT habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň meseleleri maslahatlaşyldy.

Pakistanyň energetika ministri Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine bu taslamalary ilerletmekde tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi we Pakistanyň Hökümetiniň bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin ählitaraplaýyn çäreleri görmäge taýýarlygyny tassyklady.

Muhammet Ali taraplaryň arasyndaky degişli ylalaşyklaryň ýakyn wagtda gol çekiljekdigine ynam bildirdi.