Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Täze tehnikalar gelip gowuşdy
04.10.2023

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öň ýanyndaky günlerde «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny üpjünleýiş müdirliginiň Marydaky 2-nji bazasyna Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan täze tehnikalar — gaz berýän guýulary düýpli abatlamak üçin göteriji buraw desgalary gelip gowuşdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň baş baýramy mynasybetli türkmen gazçylaryna ajaýyp toý sowgady boldy.

Hytaý Halk Respublikasynyň «Jereh» kompaniýasynyň önümi bolan «Xji-750» kysymly, ýokary tehnologiýaly buraw desgalary gaz berýän guýulary ýerasty hem düýpli abatlamak üçin niýetlenilendir. Täze desga gazly guýulary düýpli abatlamakda ozalky ulanylýan enjamlardan iş öndürijiliginiň has ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Desganyň ýene-de bir aýratynlygy, ol guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş işlerini bäş müň metr çuňluga çenli aralykda ýokary hilli geçirmeklige ukyplydyr. Doly awtomatlaşdyrylan bu tehnikanyň ýük göterijiligi bir ýüz segsen tonna deňdir. Guýularda abatlaýyş işleri geçirilende, turbalary guýa goýbermek, ýokary galdyrmak we beýleki çylşyrymly işleri gysga wagtda, çalt amal edip bilmegi onuň ýene-de bir aýratynlygydyr. Bu bolsa guýynyň abatlanylýan möhletiniň dowamlylygyny gysgaltmaga ýardam berer. Täze tehnikalarda sürüji üçin oňaýly, amatly iş şertleri döredilendir.

Täze tehnikalar bada-bat konserniň iri önümçilik düzümleri bolan «Marygazçykaryş», «Döwletabatgazçykaryş», «Lebapgazçykaryş» müdirliklerine bölünip berildi.