Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan ýangyç-energetika toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny getirmek meselesini öwrener
02.10.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 29-nji sentýabrda Berlinde geçirilen Türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny getirmek meselesini öwrenmäge taýýardygyny aýtdy.
«Energetika ulgamynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny we enjamlaryny getirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem gün batareýalaryny peýdalanmak boýunça german tehnologiýalaryny Türkmenistanda ornaşdyrmagyň mümkinçiligini öwrenmäge taýýardyrys» – diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek maksady bilen, Germaniýanyň wodorod energetikasy boýunça tejribesini öwrenmek isleýändigimizi nygtady.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi