27-nji sentýabrda agzybir we jebis halkymyz ýurdumyzyň baş baýramyny — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny aýratyn ruhubelentlik, şatlyk bilen garşylady.
Şanly baýram mynasybetli mähriban Watanymyzyň ähli künjeklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent döredijilik ruhuny, özgerdiji
...Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberi toplumynyň öňünde ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk görnüşinde bezelen münber köp sanly myhmanlary garşylady.
Däp bolşy ýaly, baýramçylyk dabaraly harby ýörişden başlanýar. Onuň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetleriniň hem-de Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy görkezilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde Ýaragly Güýçleriň goranyş ukyby hemmetaraplaýyn pugtalandyrylýar, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar. Şunuň bilen bir hatarda, Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň işine döwrebap usullar we sanly ulgamlar ornaşdyrylýar, harby gullukçylaryň gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertler döredilýär, Watan goragçylaryna hem-de olaryň maşgalalaryna niýetlenip, oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzyň harby kuwwatynyň bir maksada gulluk edýändigini aýratyn bellemek gerek. Şol maksat parahatçylygy pugtalandyrmaga, Watanymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk harby ýörişine gatnaşýan iň häzirki zaman ýerüsti we harby howa tehnikalary hem-de ýaragly düzümleri ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerini döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek meselelerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli üns berýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Soňra baýramçylyk dabaralary ýene-de ýerde dowam etdi: Döwlet münberiniň öňündäki meýdança Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýony gelýär. Esgerler ellerindäki ýaraglary bilen nyzam emellerini ýerine ýetirmekde deňsiz-taýsyz başarnyklaryny we ýokary ussatlyklaryny görkezip, meýdançada ýatdan çykmajak şekili — täze Arkadag şäheriniň gözel künjeginde bina edilen “Akhan” binasynyň şekilini emele getirýärler. Mälim bolşy ýaly, meşhur Akhan atly bedew 2018-nji ýylda çarpaýa galyp, yzky aýaklarynda 10 metr aralyga ýöremek boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Birleşen harby orkestri şöhratly baýramçylygymyzyň hormatyna joşgunly ajaýyp sazly sowgady taýýarlapdyrlar. Olaryň çykyşy dabaraly harby ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy.
...Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ajaýyp dabaralar dowam edýär.
Köp sanly myhmanlaryň hem-de dabara gatnaşyjylaryň nazary ýene-de baýramçylyk meýdançasyna gönükýär. Bu ýerde milli lybasdaky iki çapyksuwar at esbaplary — şaý-sepler bilen bezelen ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykarýar. Munuň özi behişdi bedewiň hakyky gözelligini açyp görkezýär.
Gün şöhlesine lowurdaýan Arkaly atly bu naýbaşy bedew ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň arasynda giňden tanalýan Meleguş we Elwan diýen bedewleriň neslindendir.
Ady rowaýata öwrülen naýbaşy ahalteke tohumyna degişli bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler, türkmen halkynyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda hemişelik aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza sowgat berilýär.
Gözelligi hem-de beden gurluşy bilen haýran galdyrýan bu bedew köp sanly tomaşaçylara buýsanç bilen görkezilýär.
Soňra elleri baýdakly türkmen çapyksuwarlarynyň ýörişi başlanýar. Ol ýurdumyzyň Garaşsyzlygyň ýoly bilen belent sepgitlere ynamly barýandygyny alamatlandyrýar.
Soňra bu ýerde ýerine ýetirilen edebi-sazly kompozisiýanyň dowamynda ahalteke bedewleriniň meşhur nesil ugurlaryny döreden ussat seýis Aba Annaýewiň keşbi janlandyryldy. Häzirki wagtda atçylyk we atly sport üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan sebitdäki ilkinji halkara akademiýa Aba Annaýewiň adyny göterýär.
Gadymyýetde bolşy ýaly, häzirki günde hem ýurdumyzda ähli milli baýramlar behişdi bedewleriň gatnaşmagynda geçýär. Olar halkymyzyň taryhynyň we döwürleriňdir nesilleriň aýrylmaz baglanyşygynyň janly nyşanyna öwrüldi.
Täsin atly ýörişden soňra, “Şöhrata beslenýär, şana beslenýär, beýik döwrüň şanly Garaşsyzlygy” atly edebi-sazly çykyş başlanýar.
Meýdança teatr artistleri çykýarlar. Olar Alp Arslanyň, Magtymgulynyň we meşhur ata-babalarymyzyň keşplerini janlandyrýarlar, olar baradaky hakyda ýüzýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilýär. Türkmen halkynyň şöhratly ogullary berkarar Watanymyzyň at-abraýyny belende götermek wezipesi öňünde durýan häzirki nesillere joşgunly çagyryş bilen ýüzlenýärler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýlen belent adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralar dowam edýär. Häzirki zaman telekommunikasiýa we internet serişdeleriniň mümkinçilikleri arkaly dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan köp sanly watandaşlarymyz we beýleki döwletleriň ýaşaýjylary türkmenistanlylaryň baýramçylyk şatlygyny göni ýaýlymda paýlaşmaga mümkinçilik aldylar.
Baýramçylyk ýörişini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular açýarlar. Ak reňkli şarlaryň ýüzlerçesi asmana uçurylýar. Milli nyşanlar bilen bezelen awtoulagyň üstündäki Döwlet tugrasynyň we baýdagynyň ýanyndaky pannoda ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň şekili hem-de Watanymyzyň binagärlik nyşany — paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň kiçeldilen nusgasy goýlupdyr.
Milli parlament we jemgyýetçilik guramalary berkarar Türkmenistanyň okgunly ösüşinde, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmakda, döwletimiziň hukuk we dünýewi binýatlaryny berkitmekde hem-de milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Şu ýyl bäsdeşlik, açyklyk hem-de erkin erk-isleg gurşawynda Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzüminiň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi demokratik ýörelgeleriň aýdyň ýüze çykmasyny alamatlandyrýan taryhy waka boldy. Şol saýlawlar syýasy ulgamyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, raýatlarymyzyň aňyýetiniň, syýasy-jemgyýetçilik işjeňliginiň ýokarlanýandygyny görkezdi.
Soňra ýüzlerçe zähmetkeşleriň ýörişi bilen utgaşýan Aşgabat şäher häkimliginiň paýtagtymyzyň binagärlik nyşanlary bilen bezelen awtoulagy münberiň öňünden geçýär.
Myhmansöýer türkmen paýtagtynyň ýurdumyzyň ajaýyp binagärlik keşbini alamatlandyrýan köp sanly desgalarynyň dürli ýyllarda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek. Okgunly ösýän döwrebap şäher gözelligi we amatlylygy, binagärligiň, inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlaryny, milli binagärligiň iň gowy ýörelgelerini özünde jemleýär. Ak mermerli Aşgabat ýurdumyzyň barha artýan kuwwatynyň hem-de täze taryhy döwürde amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünlikleriniň beýanyna öwrüldi. Ak mermerli belent jaýlar, iri desgalar gözüňi dokundyrýar. Olar soňky ýyllarda giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina edildi. Bu ýyl şolaryň hataryna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumy hem goşuldy.
Soňra ýöriş ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän toparyň geçmegi bilen dowam etdi. Biri-biriniň yzy bilen hatarlanyp barýan Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň awtoulag platformalarynda ýerleşdirilen suratly pannoda geçmişiň dünýä belli taryhy-binagärlik ýadygärlikleri hem-de häzirki döwrüň iri desgalary, sebitleriň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän binalaryň şekilleri görkezilýär. Welaýatlaryň her biri eziz Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýar...
Hormatly Prezidentimizi we köp sanly myhmanlary awtoulaglarda barýan ýaşulular hem-de ýaş nesliň wekilleri mübärekleýärler.
Döwletimiz döredijilik işgärleri üçin ajaýyp şertleri we mümkinçilikleri döredip, bu möhüm ulgamyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şu ýyl neşir edilen “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp kitaby täze eserleri döretmek hem-de mähriban topragymyzda bolup geçýän taryhy wakalary şöhratlandyrmak üçin egsilmez ylham çeşmesi boldy.
Şöhratly pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklar, dürli sungat we senetçilik görnüşleri halkara derejede ykrar edilýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň girizilmegi milli mirasymyzyň dünýäde dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.
Şu ýyl Aşgabatda Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylda guralýan bu giň gerimli forum halkymyzyň ruhy mirasyny we däp-dessurlaryny gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge, giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärlerini höweslendirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda guralan Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi hem medeniýet we sungat ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berdi. Medeniýet we sungat işgärleri şanly wakalar mynasybetli Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýarlar.
Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne, Watanymyzyň häzirki bagtyýar gününe we röwşen geljegine bagyşlanan “Arkadagly Gahryman Serdaryň ak ýoly bilen öňe!” atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen tamamlanýar.
Ösüp gelýän ýaş nesliň wekilleri şu günki waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ýadygärlik surata düşdüler.
Aşgabatda badalga alan baýramçylyk dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dowam etdi.
***
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar köpöwüşginli feýerwerk şüweleňi bilen tamamlandy.