26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýapon kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabeni kabul etdi.
Myhman çakylygy hem-de bu baýramçylygyň şatlygyny türkmenistanlylar bilen paýlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy golaýda bellenilen doglan güni, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy hem-de ýurdumyzyň baş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we ähli türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk, saýlap alan garaşsyz ösüş ýolunda üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, iri ýapon kompaniýasynyň wekiliniň şu saparynyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda senagatlaşdyrmaga hem-de ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ylma esaslanýan ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribelerini, öňdebaryjy kompaniýalaryň gazananlaryny ulanmaga, halkara ykdysady hyzmatdaşlygy işjeň giňeltmäge uly ähmiýet berilýär.
Soňky ýyllarda dünýä belli ýapon kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk aýratyn ösüşe eýe boldy. Bu kompaniýalar ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işleýärler. «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr. Bu kompaniýa önümçilik toplumlarynyň gurluşygyny üstünlikli amala aşyrdy.
Duşuşygyň çäklerinde ýurdumyzda amala aşyrylýan, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga we okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Türkmenistanyň himiýa we nebitgaz pudagyny ösdürmekde täze taslamalary durmuşa geçirmek, hususan-da, ýurdumyzda fosfor, ammiak, karbamid we tebigy gazdan benzin öndürýän desgalaryň önümçiligini artdyrmak boýunça tekliplere seretmäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Öz nobatynda, işewür wekilçilik edýän kompaniýasynyň ýurdumyz bilen uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini nygtap, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna aýratyn gyzyklanma bildirýändigini we türkmen hyzmatdaşlaryna öz tejribesini, iň täze tehnologik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardygyny belledi. Türkmen bazarynda işewürligi ilerletmek üçin has oňaýly şertler döredildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler we birek-birege berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işde uly üstünlikleri arzuw etdiler.