Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan «Tatneft» bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
27.09.2023

26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady we şu baýramçylyk günlerinde doganlyk Türkmenistana ýene-de gelmäge dörän mümkinçilige örän şatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Tatarystan Respublikasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna goşan saldamly şahsy goşandyna ýokary baha berilýär.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp hem-de gutlaglarydyr hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklarynyň okgunly we netijeli häsiýetini belledi. Şol hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Bellenilişi ýaly, Tatarystan ýurdumyzyň has işjeň we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler däp bolan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda köptaraply türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi uly ugurlary barada düýpli pikir alşyldy. Türkmenistanyň Tatarystanyň iri kompaniýalary — “KamAZ” açyk paýdarlar jemgyýeti we “Tatneft”, “KER-Holding”, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” kompaniýalary bilen köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr. Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, Rustam Minnihanow ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna berk eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki belent abraýynyň muňa ýardam edýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň işine möhüm orun degişlidir. Bu topar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynyň seljermesini geçirýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistany we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyny ynsanperwer ulgamda öňden gelýän netijeli gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygy nygtaldy. Bu babatda ylym, bilim we medeniýet ugurlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça özara gatnaşyklaryň baý tejribesi toplandy.

Bellenilişi ýaly, Tatarystanyň wekiliýetleri, alymlary, medeniýet işgärleri ýurdumyzda geçirilýän iri halkara maslahatlara, döredijilik festiwallaryna işjeň gatnaşýarlar.

Gahryman Arkadagymyz şu günki duşuşygyň türkmen-tatar dostlugyny we hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde ýene-de bir ädim boljakdygyna ynam bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi