Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Hytaýyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki ýody, Owganystanyň işewürleri bolsa “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşlerini, ýorgan-düşek toplumlaryny, erkek adamlaryň köýneklerini, rulon pamygy, nah ýüplügi, jinsi matalaryny, dokma önümleriniň galyndylaryndan dikeldilen süýümi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 26 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen bahasy 2 million 880 müň manatlyk polipropileni satyn aldylar.