Halk Maslahatynyň bu taryhy mejlisi döwletiň we jemgyýetiň, her bir türkmenistanlynyň durmuşynda möhüm, şanly waka boldy.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitlemek bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti galyndysyz düýpli gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän täze desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylmagyny ýene bir mysal hökmünde getirdi.
Häzir hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar, pudagyň kärhanalary döwrebap enjamlar, öňdebaryjy sanly we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Nebitgaz toplumynyň işine täze ylmy gazanylanlar ornaşdyrylýar. Ugurdaş düzüm giňeldilýär, täze iş orunlary döredilýär.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, ähli türkmenistanlylary baş baýramymyz bolan ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýaryn.