Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Bahar ÇARYÝEWA, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Durmuş taýdan ösüş we edara ediş-hojalyk işleri müdirliginiň baş hünärmeni:
27.09.2023

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda ýurdumyzda geçirilen taryhy foruma gatnaşmak bagty maňa-da miýesser etdi. Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berildi, bu babatda anyk wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamagy, daşary ýurt maýa goýumlaryny Hazar deňziniň türkmen böleginiň geljegi uly bolan toplumlaryny özleşdirmäge we önüm çykarmak boýunça iri taslamalara çekmegi, gaz boýunça ylmy we tejribäni, täze tehnologiýalary ösdürmegi hem-de burawlamagyň tehniki mümkinçiliklerini kämilleşdirmegi, uglewodorod serişdelerini has ýokary derejede düýpli gaýtadan işlemegiň çygryny giňeltmegi, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de seýsmiki gözleg we geologiýa gözleg işlerinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen tejribe alyşmagy nebitgaz pudagyny ösdürmekde esasy ugurlar hökmünde kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ýokary adyň dakylmagy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň möhüm wakalarynyň biri boldy. Bu ýokary sylag — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünliklerinde döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly hyzmatlarynyň halkymyz tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.