Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Çeper BABAÝEWA, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Geofizika bölüminiň baş hünärmeni
27.09.2023

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine gatnaşmagymy özüme bildirilen uly ynam we hormat hasaplaýaryn. Umumymilli forumyň geçirilmeginiň özi — türkmen döwletini we jemgyýetini demokratiýalaşdyrmagyň, onuň Garaşsyz ösüşiň ýolunda uly üstünlikleri gazanmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda beýan eden ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň görkezijilerini uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler.

Geologiýa gözleg işlerini geçirmek ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Bu maksatlar üçin uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Degişli ugurda özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde täze ýataklar işlenip taýýarlanylýar, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberleri artýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşlarynyň esasy mazmuny adam hakynda alada bolup durýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň ösüşiniň, ynsanperwer gymmatlyklaryň, amala aşyrylýan parahatçylyk we ylalaşyk syýasatynyň iň gowy subutnamasydyr.

Şu günler Türkmenistanyň Gahrymany diýen ýokary sylaga mynasyp bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna aýdylýan köp sanly gutlaglara we arzuwlara biz hem goşulýarys.