Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň möçberini artdyrylýar
25.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Mundan başga-da, häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň möçberini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek babatda zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudagy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, onuň kärhanalarynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň depgininiň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi